2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda içerki bazarda geçirilen birža söwdalarynda ýerli telekeçiler birnäçe önüm boýunça geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi maglumatynda habar berilýär.
Söwdalaryň dowamynda telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden bolsa «Berzeňgi» bejeriş-içiş maksatly gazlandyrylan mineral suwuny hem-de witaminleşdirilen alkogolsyz gazlandyrylan «Witamin» içgisini satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdylar.
Geçirilen söwdalarda umumy bahasy 11 million 114 müň 795 manat 75 teňňä deň bolan üç geleşik hasaba alyndy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.