Ozal habar berşimiz ýaly, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Toplum-1» şertnamalaýyn zolagynyň çäginde ýerleşýän «Magtymguly» ýatagynda tebigy gazyň täze akymy alyndy.
Uglewodorod çykarmak önümçiligindäki bu üstünlik «Türkmennebit» döwlet konserniniň Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Bu hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 2026-njy ýylda 30 ýyl boldy.
Bu döwürde Hazar deňzinde we kenarýaka zolagynda nusgalyk önümçilik düzümi döredildi:
5 sany döwrebap platforma guruldy
Gözleg, baha beriş we önümçilik maksatly 40-a golaý guýy burawlandy
Bilelikdäki işleriň netijesinde 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy
Gazy gaýtadan işleýän zawod we kenarýaka gaz terminaly ýaly iri desgalary öz içine alýan toplum işe girizildi
Häzirki wagtda guýyny özleşdirmek boýunça işler başlangyç tapgyrda dowam etdirilýär. Geljekde öndürilýän önümiň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň 19-njy we 20-nji bloklaryny özleşdirmek, şeýle-de 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D seýsmiki gözleg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar — diýip, tngizt.gov.tm çeşmesi belleýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.