Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew “2026 Global Media Awards” bütindünýä media bäsleşiginiň halkara eminler toparynyň düzümine saýlandy.
Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, häzirki wagtda bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary we degişli resminamalary kabul etmek işi başlandy. Şu ýylky bäsleşik “Suw ýetmezçiligi – her damja hasapda” (“Water Bankruptcy – Every Drop Counts”) diýen şygar astynda geçirilýär.
“Global Media Awards” taslamasynyň esasy maksady dünýä jemgyýetçiliginiň, žurnalistleriň we dürli görnüşli kontent döredijileriň ünsüni süýji suw serişdeleriniň azalmak meselesine çekmekden, şeýle hem suw ýetmezçiliginiň öňüni almak boýunça täze pikirleri we çözgütleri goldamakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şu ýylky mowzugy BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk institutynyň (UNU-INWEH) direktory doktor Kawe Madaniniň taýýarlan BMG hasabatynyň esasynda kesgitlenildi.
Halkara bäsleşige teleradioýaýlym kompaniýalary, garaşsyz žurnalistler, blogerler we talyplar gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjy işlere “Telewideniýe” hem-de “Sanly media” ugurlary boýunça baha berler. Birinji ugurda reportažlar we dokumental filmler, ikinji ugurda bolsa durmuş ulgamlary üçin taýýarlanan kontentler hem-de emeli aň tehnologiýalaryna esaslanan taslamalar kabul edilýär.
Bäsleşige 2024-nji ýylyň 15-nji maýyndan 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry aralygynda döredilen işler hödürlenip bilner. Gatnaşmak üçin resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry diýlip kesgitlenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara media bäsleşiginiň eminler düzüminde wekilçilik etmegi ýurduň habar beriş serişdeleri ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeýändigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.