2026-njy ýylyň 29-njy sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Sebit derejesindäki möhüm sport çäresine Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, forum Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkende saparynyň çäklerinde guralar.

Çärä FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça halkara tejribäni paýlaşmak, bu ugurda ýüze çykýan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Duşuşyklaryň dowamynda talyplar sportuny ösdürmegiň häzirki zaman usullary, sport ulgamynda bar bolan meseleleriň çözgütleri hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.

Çäräniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sport federasiýalarynyň arasynda tejribe alyşygyny giňeltmäge we sebitde talyplar sportunyň ösüşine täze itergi bermegine garaşylýar.