Türkmenistanyň ýaş aýdymçysy Babagulyç Annaçarýew XVII halkara haýyr-sahawat «Белая трость» festiwalynyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Moskwada geçiriljek bu halkara sungat çäresi dürli ýurtlardan gelen kör we gowşak görýän ýaş aýdymçylary bir sahnada jemlär.

15-nji oktýabrda, Halkara ak hasa güni mynasybetli, Moskwanyň «Moskwa» konsert zalynda XVII halkara haýyr-sahawat «Белая трость» festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 11 ýurdundan 50-den gowrak kör we gowşak görýän ýaş aýdymçy gatnaşar. Türkmenistanyň adyndan bolsa zehinli ýaş ýerine ýetiriji Babagulyç Annaçarýew çykyş eder.

Meşhur aýdymçy Diana Gurtskaýa tarapyndan esaslandyrylan festiwal 17 ýylyň dowamynda halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolan döredijilik taslamasyna öwrüldi. Şu wagta çenli bu başlangyç 12 müňden gowrak zehinli çaganyň sungat ýolunda özüni tanatmagyna mümkinçilik döretdi.

Festiwalyň esasy maksady aýratyn goldawa mätäç çagalaryň özlerine bolan ynamyny berkitmek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek we aýdym-saz arkaly täze mümkinçiliklere ýol açmakdan ybaratdyr. Taslamanyň aýratynlygy ýaş ýerine ýetirijilere meşhur sungat ussatlary bilen bir sahnada çykyş etmäge mümkinçilik bermegidir.

Şu ýylky festiwalyň gala-konsertinde ýaş zehinler bilen birlikde Diana Gurtskaýa, Ani Lorak, Zara, Waleriýa we beýleki meşhur estrada aýdymçylary hem çykyş ederler.

Festiwalyň saýlama tapgyrlary fewral aýyndan sentýabr aýyna çenli dowam etdi. Netijede, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gruziýadan we Serb Respublikasynyň wekillerinden ybarat bolan finalçylar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň ýaş ýerine ýetirijisi Babagulyç Annaçarýewiň bu halkara taslamanyň finalynda çykyş etmegi onuň zehinini giň köpçülige tanatmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam eder.

«Белая трость» festiwaly sungatyň adamlary birleşdirýän güýjüni dabaralandyrmak bilen, her bir çaganyň zehinini açyp görkezmäge, özüne bolan ynamyny artdyrmaga we täze üstünliklere ymtylmagyna mümkinçilik döredýän möhüm halkara başlangyçlaryň biridir.