19-njy — 26-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Sun Szinlin adyndaky gaznanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna niýetlenen çakylygy esasynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy.
Sapar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Sun Szinlin adyndaky gaznasynyñ arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyñ çäklerinde amala aşyryldy. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolsa bu resminamanyñ esasy sütüni bolup durýar.
«Bilelikdäki geljek üçin ýaşlaryň ösüşi» atly tomusky medeni dynç-alyş häsiýetli tanyşlyk sapary Pekin şäherinde hem-de Fuszýan welaýatynda geçdi.
Saparyň ilkinji güninde türkmen wekiliýeti Sun Szinlin adyndaky gaznanyň Pekindäki edara binasynda çäräniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetini Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Szinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary Çžan Sinlin kabul etdi. Çžan Sinlin gaznanyň ýolbaşçysy hanym Li Biniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň adyna ýollan mähirli salamlaryny ýetirdi.
Iki ýurduň arasynda çagalaryñ hemmetaraplaýyn bähbidiniñ üpjün edilmegine we lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan Hytaýyñ hytaý lukmanlarynyň Türkmenistana saparyny guramaga taýýardygy mälim edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Çžan Sinlin Türkmenistanyñ wekiliýetine Hytaýyň Sun Szinlin adyndaky gaznasy barada maglumatlary özünde saklaýan kitaplary gowşurdy.
Tomusky medeni dynç-alyş häsiýetli maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Sun Szinlin adyndaky gaznasyna, Imperatorlar muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna, iFlytech kompaniýasyna, şeýle hem Siamen hem-de Gulangu portlaryna baryp gördüler.
«Bilelikdäki geljek üçin ýaşlaryň ösüşi» atly tomusky medeni dynç-alyş häsiýetli tanyşlyk saparyna 16 ýurtdan jemi 84 sany wekil gatnaşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.