Türkmenistanyň ýaş raýatlary daşary ýurtlarda ýaşaýan ýaşlar üçin geçirilýän Russiýanyň taryhy boýunça halkara olimpiadasyna gatnaşyp bilerler. 2026-njy ýyldaky bäsleşik «Russiýanyň beýik şahsyýetleri» temasy boýunça geçiriler.
Olimpiada Russiýanyň çäginden daşarda ýaşaýan we bilim edaralarynda okaýan 14–25 ýaş aralygyndaky daşary ýurt raýatlary üçin niýetlenendir. Bäsleşige gatnaşmak mugt bolup, ähli tapgyrlar rus dilinde geçirilýär.
Olimpiada gatnaşmak üçin hasaba alyş 23-nji sentýabra çenli dowam eder. Bäsleşigiň deslapky tapgyry 25–29-njy sentýabrda, esasy tapgyry bolsa 2–5-nji oktýabrda uzak aralykdan geçiriler.
Jemleýji tapgyra gatnaşýanlar üçin göni bäsleşik 9–12-nji noýabrda Moskwada geçiriler.
Guramaçylar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazananlaryň ýol, ýaşaýyş we iýmitlenmek bilen bagly çykdajylaryny öz üstlerine alarlar. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmak üpjün ediler. Eger jemleýji tapgyra kämillik ýaşyna ýetmedik gatnaşyjy çyksa, ony ugradýan adamyň ýol çykdajylary hem kabul edýän tarap tarapyndan tölenýär.
Halkara olimpiadasy Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň goldawy bilen «Meniň taryhym» gumanitar ylymlary goldamak gaznasy we Altaý döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan guralýar.
Olimpiada gatnaşmak üçin hasaba alyş we bäsleşigiň şertleri barada giňişleýin maglumat çäräniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.