Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sport we bedenterbiýe çärelerine gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Zähmet rugsadynda bolýan ýolbaşçy düzümiň wekilleri ir säher bilen Hazaryň kenarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Soňra olar Awazanyň çäginde welosipedli ýörişe gatnaşdylar.

Sport maksatnamasynyň dowamynda ýolbaşçylar birnäçe toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri hem geçirdiler. Şeýle çäreler bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegi we boş wagty işjeň geçirmek däbini ösdürmäge gönükdirilendir.

Awazada döredilen döwrebap dynç alyş we şypahana düzümleri sport bilen meşgullanmak üçin hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ýerde dürli görnüşli sport toplumlary we meýdançalary hereket edýär.

Türkmenistanda ilatyň, şol sanda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we bedenterbiýäni giňden wagyz etmek sport ulgamyndaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.