
Aşgabatda geçirilýän «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisiniň çäklerinde Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasynyň işjeňligi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri barada möhüm maglumatlar berildi. Kompaniýanyň wekili Jahan Çaryýewanyň bellemegine görä, Aşgabat we Moskwa şäherleriniň arasyndaky göni gatnawlar häzirki wagtda ýolagçylaryň arasynda ýokary islegden peýdalanýar.
Jahan Çaryýewa 14–16-njy aprel aralygynda geçirilýän bu serginiň ähmiýetine ýokary baha berdi:
«Kompaniýamyz Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk ekoulgamyna çuňňur goşulyşmagyna we tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşmaga taýýardyr.»
Awiakompaniýanyň wekili Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň iň oňyn ýagdaýda ösýändigini belläp, geljekde hem gatnawlaryň hilini we elýeterliligini saklamagy maksat edinýändiklerini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky ykdysady we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords