«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawody dürli ugurlar boýunça boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edip, degişli hünäri we bilimi bolan raýatlary işe çagyrýar.
Zawod aşakdaky hünärler boýunça işgärleri gözleýär:
- Uly ussa (ýokary bilim we senagat önümçiliginde iş tejribesi talap edilýär);
- 1-nji derejeli smena inžener-elektronçy (energetika ugrunda ýokary bilimli);
- Merkezi laboratoriýanyň başlygy (himik-tehnolog ugrunda ýokary bilimli);
- Gaz paýlaýjy stansiýanyň operatory (gazçynyň ygtyýarnamasy hökmany);
- Şepagat uýasy (lukmançylyk boýunça orta hünär bilimi bolan);
- Agaç ussasy (orta bilimli);
- Töwerekdäki çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işçi (orta bilimli);
- Tam süpüriji (orta bilimli);
- Ýükleýjiler (orta bilimli).
Kärhana Aşgabat şäherinde ýerleşýändigi sebäpli, bu iş orunlaryna Aşgabat şäherinde hem-de Ahal welaýatynyň paýtagta ýakyn sebitlerinde ýazgyda duran raýatlaryň dalaşgärlik edip biljekdigi bellenilýär.
Habarlaşmak üçin salgy we telefonlar:
- Salgy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, Ruhabat ýaşaýyş toplumy, Türkmenbaşy köçesi, 1-nji jaý.
- Işgärler bölümi: 24-50-65
- Goşmaça belgi: 24-49-13







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.