
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan telekeçiler öz öndürýän harytlarynyň hili bilen ilkinji günlerden bärde uly abraý gazanyp gelýärler. Şolaryň hatarynda «Arçalyk» haryt nyşanly arassalanan agyz suwuny, alkogolsyz gazly we gazsyz şireli içgileri öndürýän hususy kärhananyň alyp barýan netijeli işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän bu hususy kärhana 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň sarp edijilerine ýokary hilli önümleri hödürläp gelýär. Häzirki wagtda döwrebap we uly zawodlar toplumyndan ybarat bolan kärhananyň düzüminde önümçilik-goýberiş sehleriniň 7-si hem-de hersi ortaça 1 milliondan gowrak önümi saklamaga niýetlenen döwrebap ammarlaryň 8-si üstünlikli işledilýär.
Kärhana öz önümçiliginde diňe bir tebigy ýerasty süýji suw ýataklaryndan peýdalanýar. Bu ýerasty suwlar önümçilige goýberilmezden ozal halkara talaplara laýyk gelýän kuwwatly arassalaýjy filtrlerden doly geçirilýär. Kärhananyň tejribeli hünärmenleri sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen içgileriň täze görnüşleriniň gözleginde yzygiderli bolup, häzirki wagtda 30-dan gowrak dürli görnüşli önümleri öndürýärler.
«Arçalyk» haryt nyşanly önümlere bolan isleg içerki bazarlarda ýylsaýyn artýar. Aýratyn-da, «Pöwrize», «Kola» ýaly gazly we arassa agyz suwlary ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir. Şeýle hem kärhana sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin «Gazoz», «Mohito», «Greýpfrut», «Mango», «Klubnika», «Aloe Wera» ýaly täze we özboluşly tagamly önümleri bazara çykarýar. Sarp edijilere amatly bolmagy üçin bu önümler 0,25; 0,33; 0,4; 0,45; 0,5; 1,5; 5 hem-de 19 litrlik dürli göwrümli gaplarda ýerli söwda nokatlaryna ugradylýar.
Keywords