Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda ýaşaýan, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteran Tanýa Muşegowna Awakowany 98 ýaşy bilen gutlady. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
29-njy iýulda Russiýanyň diplomatlary weteranyň öýüne baryp, Wladimir Putiniň gutlag hatyny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Uruş ýyllarynda Tanýa Awakowa Aşgabatdaky ýeňil senagat kärhanasynda zähmet çekip, harby gullukçylar üçin egin-eşik we lybas öndürmek arkaly Ýeňşe uly goşant goşdy. İlçihananyň wekilleri weterana berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.