Ýaş türgenlerimiziň buýsançly ýeňşi: Woleýbolçylarymyz ýurduň çempiony boldy
1 min okamak

🏐 Lebaply ýaş woleýbolçylar Türkmenistanyň çempiony boldy Aşgabatda geçirilen 2010-njy ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň woleýbol çempionatynda Lebap welaýatynyň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Toparyň oýunçysy Mukam Merdanow «Iň ökde oýunçy» diýen ada mynasyp bolup, ýörite kubok bilen sylaglandy.
Aşgabat şäherinde woleýbol boýunça 2010-njy ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda welaýatymyzyň ýygyndy topary ýaryşyň ýeňijisi bolup, birinji orna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň iň başarjaň we güýçli toparlarynyň 10-synyň gatnaşmagynda geçen bu çekeleşikli bäsleşikde welaýatymyzyň ýaş woleýbolçylary ýokary taýýarlyk görkezip, aýratyn tapawutlandylar.
Bu guwandyryjy üstünligiň gazanylmagynda toparyň her bir agzasynyň zähmeti we mynasyp paýy bardyr. Çempionatyň dowamynda özbaşdak zehini we ussatlygy bilen öňe saýlanan toparyň esasy oýunçylarynyň biri — Mukam Merdanow ýaryşyň netijeleri boýunça «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi we ýörite kuboga eýe boldy.
Çagalyk ýyllaryndan bäri sport bilen işjeň meşgullanýan Mukam häzirki wagtda Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde türgenleşýär. Ol soňky ýyllarda özüni bu sport görnüşiniň hakyky ussatlarynyň biri hökmünde tanatmagy başardy. Ýaş türgen tejribeli tälimçisi Arslan Gylyjowyň beren öwüt-ündowlerini we türgenleşik sapaklarynda öwrenenlerini öz başarnygy bilen utgaşdyryp, hünär kämilini barha artdyrýar.
Oýun meýdançasynda çalasynlygy, hüjüm ediş ukyby, garşydaşlaryň urgularyny ussatlyk bilen saklap bilşi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýan Mukam türgenleşikde berlen görkezmeleri ýaryşda netijeli ulanyp bilýär. Bu bolsa oňa diňe bir döwlet derejesindäki çempionatlarda däl, eýle-de welaýat ýaryşlarynda hem ýokary netijeleri gazanmaga we ýörite diplomlara mynasyp bolmaga ýardam berýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.