
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda dabaraly çäre geçirildi. Onda ylmy derejeleri alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň karary okaldy. Bu resminama laýyklykda, ylmyň dürli ugurlary boýunça öz işlerini goran ýurdumyzyň 31 alymyna ylym derejeleri dakyldy. Olaryň 6-sy ylymlaryň doktory, 25-si bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldular.
Şeýle-de, daşary ýurtlarda ylmy işlerini üstünlikli goran türkmen alymlarynyň diplomlary ykrar edildi. Olar boýunça 5 sany ylymlaryň doktory we 6 sany ylymlaryň kandidaty hakyndaky resminamalar degişli tertipde tassyklanyldy.
Dabarada çykyş eden alymlar ylym ulgamyna goýýan uly aladalary we döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Olar öz nobatynda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýaş hünärmenleri kemala getirmek ugrunda bilimiň we tejribeleriniň gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Keywords