1-nji awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlary Yssy-Köl kölünde geçirilýän suw-motor sporty boýunça dünýä çempionatynyň (UIM F1H2O) abraýly tapgyrynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Bular ýaly derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sebitde syýahatçylyk kuwwatynyň artýandygyny hem-de giň göwrümli halkara sport çärelerini kabul etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär. Döwlet baştutanlary toparlaryň taýýarlygy we ýaryş düzümi bilen tanşyp, ýaşlary jemlemekde hem-de Merkezi Aziýada işjeň syýahatçylygy wagyz etmekde şeýle başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini bellediler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.