
Üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynyň maliýe-ykdysady görkezijileri Lebap welaýatynda toplumlaýyn ösüşiň gazanylýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet Habarlary agentliginiň (TDH) resmi maglumatlaryna görä, bu döwürde welaýat boýunça senagat pudagynda ýokary netijeler gazanyldy.
Hasabat döwründe welaýat senagatynyň dürli ugurlarynda öndürilen önümleriň möçberi hereket edýän nyrhlarda 11,9 milliard manada golaý boldy. Şonuň 2,9 milliard manada golaýy döwlete degişli kärhanalaryň paýyna düşýär. Öndürilen önümleriň aglaba bölegi nebithimiýa we gaz pudagyndaky kärhanalaryň hasabyna emele geldi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini ýüpek matalaryň, sementiň, çig ýüpegiň, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriň, nah ýüplükleriň, süýji-köke önümleriniň hem-de elektrik energiýasynyň öndürilmeginde üpjün edildi.
Şeýle hem, senagat önümleriniň sarp edijilere iberilen möçberi — ýylyň başyndaky galyndy bilen bilelikde — 2,637,2 million manada deň bolup, bu mukdaryň 56,3%-i daşary ýurtlara eksport edildi.
Sebitde ýerleşýän iri senagat kärhanalarynyň arasynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody aýratyn tapawutlandy. Bu kärhanada şu ýylyň ýedi aýynda 269,5 müň tonna çig nebit gaýtadan işlenilip, onuň esasynda 127,4 müň tonna benzin, 62,7 müň tonna dizel ýangyjy, 12,4 müň tonna ýol bitumy öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,7% ösüşi görkezýär.
Ýylyň başyndan bäri welaýat boýunça:
Senagat bilen birlikde energetika pudagy hem ösüşi görkezýär. Hasabat döwründe 2 429,5 million kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6% ösüş depgini gazanyldy. Bu bolsa içerki we daşary bazarlara energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etdi.
Welaýatyň oba hojalyk pudagy hem ýokary netijeliligi görkezýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
2025-nji ýylyň ýedi aýynda welaýat boýunça:
Şeýle hem, maldarçylyk pudagynda:
Gürrüňi edilýän döwürde:
Bu önümçilik görkezijileri Saýat, Çärjew, Halaç we Köýtendag etraplarynyň maldarlarynyň tagallalarynyň netijesinde gazanyldy.
Önümçiligiň artmagy bilen birlikde, bazardaky haryt bolçulygy bahalaryň durnuklylygyny üpjün edýär. Geçen aýyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň soňky aýynda:
Noýba, düýp sogan, nahar şugundyry, gök otlar ýaly beýleki önümler boýunça-da degişlilikde arzanlaşmalar gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Lebap welaýatynyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş depgini saklanyp galýar. Ýylyň geçen ýedi aýynyň netijeleri welaýatyň senagat, energetika we oba hojalyk pudaklarynda täze ösüş belentlikleriniň eýelenýändigine şaýatlyk edýär.
Bu bolsa halkymyzyň abadançylygynyň, içerki bazaryň üpjünçiliginiň we ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň berk binýadydyr.
Keywords