
Garagumuň jümmüşinde, ürgün çägeleriň arasynda gümmez bolup uzaklardan gözüňe ilýän Gutlug Timuryň minarasy, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Aşyk Aýdyň piriň kümmetleri ýaly täsin binagärlik ýadygärlikleri gadymy Daşoguz topragyna özboluşly görk berýär. Ylmy gözlegleriň netijesinde olarda ýüze çykarylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň ösen medeniýetli halk bolandygyny doly subut edýär. Munuň özi Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynyň türkmen taryhynda irki medeniýetleriň dörän we kämilleşen sebitidigine güwä geçýär. Daşoguz welaýatynda gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleriň has meşhurlarynyň biri Yzmykşir galasydyr. Asyrlaryň, döwürleriň şatysyna çydaman, ýykylyp-ýumrulandygyna seretmezden, bu galanyň bize gelip ýeten belent diwarlarynyň galyndysy häzir hem uzakdan howalanyp görünýär. Golaýyna geleňde bolsa özüniň giňligi, diwarlarynyň belentligi bilen haýran galdyrýar. Bu gala Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir geňeşlikleriniň aralygynda ýerleşýär. Galanyň ýerleşýän ýerine golaý ýerde adybir Yzmykşir obasy ýerleşýär. Taryhy maglumatlara görä, geçmişde dünýä meşhur bolan gadymy şäheriň şöhraty baryp biziň eýýamymyzdan-da öňki döwürlerden başlanýar. Umumy tutýan meýdany 20 gektara, diwarlarynyň umumy uzynlygy 1500 metre barabar bolupdyr. Bu gala orta asyr taryhy çeşmelerinde «Zamahşar» ady bilen meşhur bolup, öz wagtynda ylmyň, medeniýetiň we söwdanyň uly merkezi bolupdyr. Onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi şäheriň gülläp ösmeginde, dünýä tanalmagynda möhüm orun eýeläpdir. Şäherde ajaýyp kerwensaraýlaryň, myhmanhanalaryň, kitaphanalaryň, köşkdür metjitleriň birnäçesi bolupdyr. Yzmykşir şäheri Beýik Seljuk döwletiniň düzümine giren döwründe has pajarlap ösüpdir. Yzmykşir galasy döwlet tarapyndan goralýan taryhy-medeni ýadygärlikdir. Bu ýer her ýyl ýüzlerçe syýahatçylary we taryhçylary özüne çekýär. Ata Watanymyzda taryhy ýadygärliklerimize, geçmişde ýaşap geçen beýik alymlarymyza belent sarpa goýulýar. Olar baradaky maglumatlaryň öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy, dünýä ýüzünde ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalar edilýär.
Keywords