Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.