Täze pürküji tehnikalaryň ulanylmagy bilen oba hojalygynda ýokary netijelilik gazanylýar
Lebapda oba hojalyk pudagy döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilýär. Lebap welaýatynda amerikan “John Deere” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli “M732i” kysymly pürküji tehnikalarynyň ilkinji tapgyry daýhanlara gowşuryldy. Bu tehnika ekin meýdanlaryna suwuk serişdeleri pürkmek, ösümlikleri iýmitlendirmek we zyýan berijilere garşy göreşmek üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan oba hojalygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, daýhanlaryň zähmetiniň netijeliligini gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Täze tehnikalaryň tanyşdyrylyş dabarasy “Lebapobahyzmat” önümçilik birleşiginde geçirildi. Oňa ýerli oba hojalyk hünärmenleri, agronomlar, mehanizatorlar, şeýle hem Türkmenabadyň Agro-senagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Çärjew etrabynyň Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň meýdanlarynda tehniki görkezmeler geçirildi. “John Deere”, “CLAAS”, “MTZ” ýaly meşhur tehnikalaryň esasynda gurnalan pürküjiler sanly ulgamyň kömegi bilen dolandyrylýar. Bu tehnikalaryň iş gerimi 6-den 24 metre çenli bolup, dürli basyşda suwuk serişdeleri ýokary takyklyk bilen pürküp bilýär.
Şeýle hem täze pürküji tehnikalaryň tekerleriniň aralygy ekinleriň hatara arasyna laýyklykda 60, 75 we 90 santimetre çenli üýtgedilip bilýär. Munuň özi agrotehniki kadalara laýyk idegi üpjün edýär we hasylyň artmagyna ýardam edýär.
Lebap welaýat häkimliginiň Oba hojalygynda özgerişler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Ýoldaşow şeýle diýdi:
- Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda önüm öndürijilere döwlet tarapyndan dürli ýeňillikler döredilýär. Dökün, suw, tehnika bilen bagly goldawlar hem-de salgyt ýeňillikleri ýer eýeleriniň hasyl almak höwesini artdyrýar.
Welaýatda oba hojalygyny sanlylaşdyrmak we tehniki üpjünçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler döwletimiziň oba zähmetkeşlerine bolan ünsüniň aýdyň subutnamasydyr.
Tehniki aýratynlyklar:
Model: John Deere M732i
Iş gerimi: 6 – 24 metr
Üýtgedilýän teker aralygy: 60 – 90 sm
Ulgam: Sanly dolandyryş