Lebapda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän senagat kärhanasy netijeli işleýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Lebapabatlaýyş” önümçilik birleşigine degişli kärhanalaryň birinde oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek we dikeltmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýerde şeýle hem çöýniň, alýuminiň, plastmassanyň ergitme görnüşinde gaýtadan işlenmegi arkaly dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanýar.

Iýun 13, 2025 - 01:23
 0
Lebapda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän senagat kärhanasy netijeli işleýär

2025-nji ýylyň başyndan bäri bu kärhanada jemi 1 million 483 müň manatlyk önüm öndürilip, bu görkeziji meýilnamadan ýokary ýerine ýetirildi. Şolaryň hatarynda mehaniki abatlaýyş bölüminiň paýyna 808 müň manat, bejeriş bölüminiň 618,5 müň manat, guýujy önümhananyň 56,5 müň manatlyk önümçiligi degişli boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 104,9 göterime deň boldy.

Bu kärhana 1930-njy ýyldan bäri hereket edýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýerleriň ýumşadylyşynda, hatarara bejeriş işlerinde ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň, şeýle hem gallanyň oragynda çekilýän däne ýygyjy kombaýnlaryň dürli ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär. Bu bolsa, oba hojalyk tehnikalarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edip, möwsümleýin işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik döredýär.

Kärhananyň esasy hünärmenlerinden biri bolan ýolbaşçy Nigara Jumayewa şeýle diýýär:

 “Kärhanamyzyň ösüşinde her bir işçiniň mynasyp goşandy bar. Aýratynam bejeriş bölüminde işleýän kebşirleýji Babajan Orunow, mehaniki abatlaýyş bölüminiň ýolbaşçysy Roman Babaýew, önümçilikde işjeň zähmet çekýän Toýmurat Kadyrow, Adambaý Ibadullaýew hem-de guýujy önümhananyň galypçylaryndan Suhrapjan Şermetow ýaly işgärler öz tutanýerli işleri bilen kärhana ýoldaşlaryna görelde görkezýärler.”

Şu ýyl üçin kärhananyň önümçilik meýilnamasynda 3 million 520 müň manatlyk işleriň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki iş depgini bu maksada ýetiljekdigini görkezýär.

Bu işleriň amala aşyrylmagy bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesi uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanar. Kärhananyň işgärleri döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Şeýle hem bellenilip geçilmeli zatlaryň biri – oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri wagyz etmekde we halka ýetirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda kärdeşler arkalaşyklarynyň möhüm orny bar. Şeýle çäreler netijeli zähmet çekýän işgärleriň arasynda geçirilýän duşuşyklar arkaly has-da güýçlenýär we oňyn netijeleri berýär.