Köýtendagda oba senagatynyň ösüş ýolunda täze sepgitler
Döredilýän amatly şertleriň netijesinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda guramaçylykly zähmet gaýnap joşýar. Köýtendag etrabynyň çägindäki “Dostluk” galla önümleri kärhanasynda alnyp barylýan işler, gazanylýan ýokary görkezijiler muňa aýdyň mysaldyr.

Biziň zähmet çekýän baýry kärhanamyzda gallaçylaryň ýetiren bugdaýyny gaýtadan işläp, ýokary we birinji, ikinji hil un, kepek, bugdaý ýarmasy, çörek we çörek önümleri öndürilýär. Mundan başga-da bu ýerde şalyndan tüwi almak işleri hem göwnejaý alnyp barylýar.
Kärhanamyzda bugdaýy, şalyny gaýtadan işlemekde esasy birinji, ikinji elevatorlaryň, harazlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Taýýar önümler hil kesgitlaýjy bölümde döwrebap usullar arkaly barlanylyp, ýörite ammarlara ýerleşdirilýär. Tehnikalaryň gurat we bökdençsiz işledilmegini gazanmakda kärhanamyzyň hünärmenleri uly görelde görkezýärler.
Häzirki wagtda bu ýerde üç ýüzden gowrak hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Olaryň arasynda haraz ussasy Myrat Hasanow, un eleýji Jepbar Ulugberdiýew, hünärmenler Döwlet Şamyradow, Ergeş Halow, Taýyr Buriýew, Maksat Penjiýew, Adyl Ahmedow, Ýakup Rozyýew, hil kesgitlaýjy bölüminiň müdiri Akmyrat Hemdemow, hünärmen Rüstem Rahmankulow dagy tejribeli hünärmenler hökmünde tanalýarlar. Biz hem un öndürijileri zähmete ruhlandyrmak maksady bilen kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan hünär bäsleşiklerini, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.
Ruhubelentlikde çekilen zähmet hemişe-de öz aýdyň netijesini berýär. Ine, galla önümleri kärhanamyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwrüni hem uly üstünliklere besledik. Bu döwürde kärhana boýunça jemi 10 müň 400 tonnadan gowrak bugdaý gaýtadan işlenilip, 7 müň 801 tonna un, 2 müň 404 tonna kepek, 221 tonna çörek öndürildi. Şeýle-de şalyny gaýtadan işlemek arkaly 930 tonna tüwi taýýarlandy. Netijede meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.
Geljekde bu görkezijileri has-da artdyrmagy maksat edinýän kärhanamyzyň agzybir zähmet adamlary döwrebap şertlerde işlemäge, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarlar.