DÇ-2026: Dünýä çempionatyna gatnaşjak 39 ýygyndy topar belli boldy
2026-njy ýylda ABŞ, Kanada we Meksika bilelikde kabul etjek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşýan toparlarynyň sanawy barha giňeýär. 18-nji noýabryň gije geçirilen saýlama oýunlarynyň netijesinde ýene bäş ýurduň milli ýygyndysy mundiala ýol gazandy. Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň 48 ýeriň 39-sy eýýäm dolup başlady.
Soňky tapgyryň duşuşyklaryndan soňra Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň, Şotlandiýanyň, Awstriýanyň hem-de Belgiýanyň milli ýygyndylary ygtybarly çykyş görkezýärkä, resmi taýdan final bölege gatnaşmaga hukuk aldylar.
Şu wagta çenli DÇ-2026-da çykyş etmegi tassyklanan ýurtlaryň sanawy ep-esli artdy. Häzirki wagtda gatnaşjak toparlaryň doly sanawy şeýle:
ABŞ, Kanada, Meksika, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa, Eýran, Argentina, Özbegistan, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý, Kolumbiýa, Paragwaý, Marokko, Tunis, Müsür, Alžir, Gana, Kabo-Werde, Günorta Afrika Respublikasy, Katar, Saud Arabystany, Angliýa, Senegal, Koted’Iwuar, Fransiýa, Horwatiýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Germaniýa, Niderlandlar, Şweýsariýa, Ispaniýa, Şotlandiýa, Awstriýa we Belgiýa.
Mundialyň galan 9 ýeri üçin göreş entek dowam edýär. Galyndy saýlama tapgyrlary tamamlanandan soňra, ilkinji gezek 48 ýygyndy bilen geçiriljek dünýä çempionatynyň doly gatnaşyjylar sanawy resmi taýdan mälim ediler.
