Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler.
Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.