Alymlar surata görä biologiki ýaş we rak keselinden diri galmak mümkinçiligini çaklaýan emeli aňy döretdi
Amerikaly alymlar Mass General Brigham klinikasynyň hünärmenleri FaceAge atly täze emeli aň gurallaryny hödürlediler. Bu programma adaty selfi suratlaryny analizläp, adamyň biologiki ýaşyny we rak keselli hassanyň ömrüni çaklap bilýär. Netijeler The Lancet Digital Health žurnalynda neşir edildi.

Barlagda 59 müňden gowrak ýüz suraty we 6 200 rak hassasynyň maglumatlary ulanyldy. Rak keselliler, ortaça alnanda, öz hronologiki ýaşyndan 5 ýaş uly ýaly görünýärdi. Bu bolsa algoritmiň biologiki garamaga we diri galma mümkinçiliklerine takyk baha bermäge mümkinçilik berdi.
Hugo Aerts, "Adamyň ýaşyndan uly görünmegi saglyk ýagdaýyny kesgitlemekde möhüm" diýip belledi.
FaceAge programmasynyň peýdalary:
-
Surat arkaly biologiki ýaşyň kesgitlenmegi
-
Agyr kesellerde diri galmak mümkinçiliginiň çak edilmegi
-
Palýatiw bejerginiň goldanylmagy
Programma garrylyga degişli beýleki keselleriň diagnozy üçin hem peýdaly bolup biler.
Emma, bu tehnologiýanyň käbir çäklendirmeleri bar. Algoritm esasan adaty şertlerde öwrenildi. Ýagtylyk, kosmetika, makiýaž ýaly faktorlar netijelere täsir edip biler. Alymlar has dürli toparlar bilen synaglary dowam etdirmäge meýilli.