Hytaýyň smartfon bazarynda öňdelik Xiaomi kompaniýasyna geçdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek Hytaýyň içerki smartfon bazarynda öňdelige çykmagy başardy. Bu maglumatlar «Canalys» analitik kompaniýasynyň ýaýradan hasabatynda beýan edilýär.
Hasabat döwründe Xiaomi 13,3 million smartfon satyp, bazaryň 19 göterimini eýeledi. Ikinji orny bolsa Huawei eýeledi. Kompaniýa şol döwürde 13 million enjam satyp, 18% bazar paýyna ýetdi. Üçünji we dördünji orunlara degişlilikde Oppo we Vivo kompaniýalary mynasyp boldy. Olar degişli döwürde 10,6 million we 10,4 million smartfon satdylar.
Hasabatda has geň galdyryjy ýagdaý hökmünde Apple kompaniýasynyň bäşinji orna düşmegi görkezilýär. Amerikaly öndüriji 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 9,2 million iPhone satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 8% peseldi.
Jemi alanyňda, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazary ösüş gazandy. Ýurtda jemi 70,9 million smartfon satyldy. Bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdygyny görkezýär.