«Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli önümleri

Lebap welaýatynda, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hususy eýeçiligi ösdürmek arkaly dürli görnüşli importyň ýerini tutýan harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümler hil taýdan dünýä belli brendleriň önümlerinden pes däldir. 2014-nji ýylda esaslandyrylan “Kökçi” hojalyk jemgyýeti dürli kuwwatly akkumulýatorlaryň önümçiligini ýola goýdy.
Bu hojalyk jemgyýeti diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlarda hem tanalýan hususy kärhanalaryň biridir. Onuň önümlerini Owganystan, Azerbaýjan, Italiýa we Ermenistan ýaly ýurtlaryň telekeçileri satyn alýarlar. Ýurdumyzyň içinde bolsa döwlet edaralary, kärhanalar, oba hojalyk düzümleri hem-de şahsy ulag eýeleri bu akkumulýatorlaryň esasy sarp edijileridir.
“Kökçi” hojalyk jemgyýetinde önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek, önümçilik prosesini kämilleşdirmek we netijede önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýakynda bu ýerde ikinji önümçilik sehi işe girizildi. Bu sehda Hytaýda öndürilen enjamlar ornaşdyryldy. Bu bolsa sehiň işini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle-de sehiň işi ekologiýa bilen bagly meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Hususan-da, bu ýerde ýurdumyzda ulanyşdan galan akkumulýatorlar ýygnalyp, gaýtadan işlenilýär. Olardan akdyrylan elektrolit “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodyna iberilýär. Şeýle-de akkumulýatorlaryň gurşun oksid örtükleri aýrylyp, gaýtadan işlenenden soň täze akkumulýator bölekleriniň öndürilmeginde ulanylýar. Köne akkumulýatorlaryň plastmassa gaplary ownuk-uşak edilip, zerur mukdarda polimer goşulýar we täze gaplar taýýarlanylýar.
Täze akkumulýatorlar “TM Power”, “Ýyldyrym”, “Farwaý”, “Akum” we “Kuwwat” ýaly söwda belgilileri bilen sarp edijilere ýetirilýär. Ýokary hilli bu ýerli akkumulýatorlar daşary ýurtlarda öndürilen meňzeş önümler bilen deňeşdirilende, sarp edijiler üçin has amatly bolýar.
“Kökçi” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri döwletiň hususy telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan syýasatynyň oňyn netijelerini aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda bu kärhananyň özbaşdak, doly güýjünde işleýän önümçilik kärhanasydygyny ynam bilen aýdyp bolar.
Kärhanada häzirki wagtda 200-den gowrak ýokary hünärli işçiler zähmet çekýär. Her bir işçi öz wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirýär. Tapawutlanan işçilere hem-de partiýanyň işjeň agzalaryna dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň ruhy goldawy “Kökçi” hojalyk jemgyýetiniň işgärlerini döredijilikli we netijeli zähmete ruhlandyrýar.