"Skytrax" tarapyndan guralan abraýly bäsleşigiň netijelerine görä, 2026-njy ýylda Singapuryň "Çangi" howa menzili ýene-de sanawyň başyny çekdi. Bu aeroport diňe bir umumy reýtingde däl, eýsem iň gowy iýmitleniş, migrasiýa hyzmaty we Aziýanyň iň gowy aeroporty ýaly ugurlarda hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.
Dünýäniň Iň Gowy 10 Aeroporty (2026):
- Çangi (Singapur)
- Inçhon (Günorta Koreýa)
- Haneda (Tokio, Ýaponiýa)
- Gonkong (Gonkong)
- Narita (Ýaponiýa)
- Şarl-de-Goll (Pariž, Fransiýa)
- Fýumiçino (Rim, Italiýa)
- Stambul (Türkiýe)
- Münhen (Germaniýa)
- Wankuwer (Kanada)
Aýratyn Tapawutlananlar: Bäsleşigiň çäginde käbir aeroportlar belli bir ugurlar boýunça dünýä derejesinde iň gowusy diýlip ykrar edildi:
- Haneda (Tokio): Dünýäniň iň arassa aeroporty we mümkinçiligi çäklendirilen adamlar üçin iň amatly menzil.
- Gonkong: Iň gowy howpsuzlyk ulgamy we iň arassa sanuzelleri (hajathanalary) bilen 4-nji orna çykdy.
- Hitrou (London): Söwda dükanlarynyň hili boýunça birinji boldy.
- Münhen: Ýewropanyň iň gowy işgärler toparyna eýe bolan menzil.
- Keýptaun: Afrikanyň iň gowy aeroporty diýlip saýlandy.
Bu reýting dünýä syýahatçylarynyň ses bermegi netijesinde kesgitlenip, howa menzilleriniň hyzmat hiliniň halkara ölçegidir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.