Bu barada Report agentligi TDG-niň döwlet baştutanlarynyň 12-nji Sammitiniň netijesi boýunça kabul edilen Gabalynyň Jarnamasyna salgylanyp habar berýär.
Jarnamada, 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Stambul şäherinde geçirilen agza ýurtlaryň ilkinji duşuşygynyň netijelerine goldaw bildirilýär.
Resminamada TDG baýdagy astynda çykarylmagy meýilleşdirilýän 12U TDT-SAT Küp atly hemrany öndürmek we uçurmak işiniň çaltlandyrylmagynyň maksat edilýändigi bellenilýär. Bu hemra, agza ýurtlaryň bilelikdäki tejribesine we tehnologik mümkinçiliklerine esaslanyp gazanylan möhüm üstünlik hökmünde görkezilýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.