
Amerikanyň grafiki prosessor öndürijisi «Nvidia», «Microsoft» korporasiýasy we «Amazon» tehnologiýa kompaniýasy «OpenAI»-a 60 milliard amerikan dollaryna çenli maýa goýmak barada gepleşikleri geçirýärler. Bu barada «The Information» neşiri gepleşikleriň gidişi bilen tanyş bolan çeşmelere salgylanyp habar berýär. Bu maýa goýumlary jemi 100 milliard amerikan dollaryna ýetýän maliýeleşdiriş tapgyrynyň bir bölegi bolar. «Nvidia» 30 milliard amerikan dollaryna çenli, «Microsoft» bolsa, takmynan, 10 milliard amerikan dollaryny bölüp bermegi meýilleşdirýär. «Amazon» bolsa bu kompaniýany ilkinji gezek maliýeleşdirer we oňa 10 ýa-da 20 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişde goýar. Maýa goýumlary Ýaponiýanyň halkara holding kompaniýasy bolan «SoftBank Group» tarapyndan bölünip beriljek 30 milliard amerikan dollarynyň üstüni doldurar. «SoftBank» hem häzirki wagtda maliýeleşdirmegiň jikme-jiklikleri barada gepleşikler geçirýär. 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda «Bloomberg» agentliginiň seljerijileri «Nvidia»-nyň paýnamalaryny «Wall Street»-iň taryhyndaky iň täsirli paýnamalar diýip atlandyrdylar. Kompaniýa taryhy rekord goýup, dünýäde bazar kapitallaşdyrmasy 5 trillion amerikan dollaryna ýeten ilkinji kompaniýa boldy.
Keywords