«American Airlines» awiakompaniýasynyň San-Diýegodan Çikago ugur alýan uçary ýolagçylaryň biriniň gapyny açmaga synanyşmagy sebäpli Arizona ştatynyň Finiks şäherine gyssagly gonmaly boldy. Bu barada «CBS News» teleýaýlymyna salgylanyp, «Regnum.ru» habar berýär.

Awiakompaniýanyň maglumatyna görä, ýolagçylaryň biriniň özüni nädogry alyp barmagy sebäpli uçar Finiks şäherindäki Skaý-Harbor halkara howa menziline ugrukdyrylypdyr. Ol uçaryň heläkçilik çykalgasynyň gapysyny açmaga synanyşypdyr. Uçarmanlar we beýleki ýolagçylar uçaryň howpsuz gonmagyna çenli ony saklamagy başarypdyrlar.

Wakadan soň ýolagçy uçardan düşürilipdir. Ol ýeňil şikes alyp, lukmançylyk barlagyndan geçmek üçin hassahana ýerleşdirilipdir.

Ýerli polisiýanyň habar bermegine görä, erkek adam tussag edilmändir. Häzirki wagtda waka ABŞ-nyň Federal derňew edarasy tarapyndan derňelýär.