Beýik Britaniýanyň hökümeti we Ýewropa Bileleşigi 26-njy noýabrda Breksitden soňky gatnaşyklary täzeçe ýola goýmak boýunça geçen hepde ylalaşylan iki şertnamanyň tekstlerini köpçülige hödürlär. Şol bir wagtyň özünde, ylalaşyklaryň esasy düzgünlerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen çykdajylary azaltmak baradaky kanun taslamasy hem tanyşdyrylar. Bu barada BBC habar berýär.

Ylalaşyklar toplumy Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň eksportyny, zyňyndy kwotalarynyň söwdasyny we ýaşlar üçin alyş-çalyş maksatnamasyny öz içine alýar. Penşenbe güni azyk söwdasy we zyňyndylar bilen bagly söwda ulgamy baradaky şertnamalaryň tekstleri çap ediler. Şeýle-de ylalaşyklaryň ýurduň aýry-aýry pudaklaryna we sebitlerine ýetirjek täsiri boýunça täze bahalandyrmalaryň hödürlenmegine garaşylýar.

BBC-niň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň söwdasy baradaky şertnama 10 ýyllyk möhleti göz öňünde tutýar. Taraplaryň haýsy-da bolsa biri şertnamadan çykmak kararyna gelse, täze ylalaşygyň çäginde ep-esli azaldyljak serhet gözegçiligi infrastrukturasyny gaýtadan dikeltmek üçin çykdajylary tölemeli bolar. Oppozisiýanyň lideri Kemi Badenok şertnamany ýatyrjakdygyny mälim etdi. «Reform UK» partiýasynyň ýolbaşçysy Naýjel Faraj hem degişli tölegi tölemekden ýüz öwürjekdigini aňlatdy.

Täze ylalaşygyň netijesinde azyk önümlerini eksport edijiler köp sanly býurokratik işleriň we barlaglaryň ýatyrylmagyndan peýda görerler. Içerki seljermä görä, oba hojalyk önümleriniň eksporty 16 göterime çenli artyp biler. Häkimiýetler we pudagyň wekilleri çykdajylaryň azalmagynyň alyjylar üçin bahalara hem oňyn täsir etmegine garaşýarlar. Emma işewür toparlaryň wekilleriniň pikirine görä, Ýakyn Gündogardaky uruş sebäpli energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy bu täsiriň duýulmagyna päsgel berip biler.

Beýik Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zyňyndylar söwdasy ulgamlarynyň birleşdirilmegi awiasiýa we deňiz ulaglary pudaklaryny hem öz içine alar. Şertnamalarda Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň degişli kadalaryny işläp düzmek işine ses bermek hukugy bolmazdan nähili gatnaşyp biljekdigi hem beýan ediler.

Kanun taslamasy ministrlere britan we Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyny sazlaşdyrmak üçin giň ygtyýarlyklary bermegi hem göz öňünde tutýar. «Genrih VIII ygtyýarlyklary» diýlip atlandyrylýan bu mehanizm parlamentiň gözegçiligi has çäkli bolan şertlerde degişli hukuk namalaryny üýtgetmäge mümkinçilik berer.

Ýewropa meseleleri boýunça ministr Hemiş Falkoner kanun taslamasynyň azyk we içgi önümlerini söwda edýänler üçin kagyz resminamalary bilen bagly päsgelçilikleri aradan aýyrjakdygyny, milliardlarça funt sterling möçberindäki britan eksportyny uglerod salgytlaryndan gorajakdygyny hem-de ýurduň iň iri söwda hyzmatdaşy bilen iş alyp barmagy ýeňilleşdirjekdigini belledi.

Premýer-ministr Endi Börnham deputatlara ylalaşyklary tanyşdyranda, olary pragmatik häsiýetli diýip atlandyrdy we munuň has giň gerimli üýtgeşmeleriň başlangyjy däldigini nygtady. Şeýle-de ol Beýik Britaniýanyň referendum geçirmezden Ýewropa Bileleşigine gaýdyp gelmeginiň mümkin däldigini aýtdy.

Kemi Badenok bolsa premýer-ministri ylalaşygyň ähmiýetini ulaltmakda we ýurdy 2015-nji ýyldaky ýagdaýa gaýtarmaga synanyşmakda aýyplady.