Ýewropa Bileleşiginiň Statistika edarasy (Ýewrostat) tarapyndan geçirilen seljermäniň netijelerine görä, bileleşige agza ýurtlarda öý hojalyklaryň dörtden üç böleginden gowragy, ýagny takmynan 77 göterimi çagasyz ýaşaýar. Bu barada «News.by» neşiri Ýewrostatyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginde çagaly maşgalalaryň paýy 14 göterimden sähel geçýär. Çagasyz öý hojalyklaryň paýy bolsa 38 göterime golaý ýokarlandy.

Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginde çagaly ene-atalaryň ýarysyna golaýy diňe bir çagany terbiýeleýär. Köp çagaly maşgalalaryň paýy bolsa 12 göterime deň.