2035-nji ýyla çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa menzilleriniň infrastrukturasyny ösdürmek üçin 5 milliard dollardan gowrak maýa goýum serişdesini gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Daşkentde geçirilen «Central Asia Aviation Summit» atly halkara awiasiýa sammitinde mälim edildi.
Bilermenleriň bellemegine görä, sebitiň awiasiýa bazary ösüşini dowam etdirýär. 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň awiakompaniýalary 31,7 million ýolagçyny gatnadypdyr. 2035-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 59 million adama golaýlamagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, sebitde howa ýük daşamalarynyň möçberi we arzan nyrhly awiakompaniýalaryň sany hem artýar.
Sammitde halkara ulag geçelgelerini ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Özbegistan amatly geografik ýerleşişinden peýdalanyp, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze üstaşyr gatnaw ugurlaryny ösdürmegi maksat edinýär. Şeýle-de Nawoi howa menziliniň iri ýük merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitmek meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň bellemegine görä, Daşkent arkaly amala aşyrylýan howa gatnawlary Günorta-Gündogar Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky uçuş ugurlaryny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Özbek tarapynyň maglumatlaryna görä, ýurtda raýat awiasiýasy ulgamynda geçirilen özgertmeler hem oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda Özbegistanda 10-dan gowrak milli awiakompaniýa hereket edýär. Olaryň howa gämileriniň umumy sany 110-dan geçýär. 2025-nji ýylda ýurduň awiakompaniýalary 11 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edipdir.
Halkara sammitde beýan edilen meýilnamalar Merkezi Aziýada howa ulaglarynyň infrastrukturasyny giňeltmegiň, ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmagyň hem-de sebitiň halkara üstaşyr geçelgelerindäki ornuny pugtalandyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.