Türkiýäniň demirgazyk-gündogaryndaky Rize welaýatynda çarşenbe güni derýanyň suwy birden gyzyl reňke öwrüldi. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylaryň arasynda alada döredip, olar degişli dessin gulluklara habar berdiler.

«Osnmedia.ru» neşiriniň habar bermegine görä, ýerli häkimiýetler wakanyň sebäbini anyklamak üçin uçarmansyz uçuş enjamlarynyň kömegi bilen derýanyň ýagdaýyny gözden geçiripdirler.

Barlaglaryň netijesinde suwuň reňkiniň üýtgemegine derýa önümçilik galyndylaryny akdyran çaý fabrigi sebäp bolandygy anyklanyldy.