2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Duşenbe şäherinde «Absolute Championship Akhmat» (ACA) guramasynyň ýaryşy geçiriler. Bu çäre guramanyň Täjigistanda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirýän ilkinji ýaryşy bolar. Mundan ozal liganyň bu ýurtdaky soňky ýaryşy 2015-nji ýylda geçirilipdi.
Ýaryşy geçirmek baradaky çözgüt ACA guramasynyň wekilleriniň Duşenbä eden resmi saparynyň hem-de bu ýurduň sport edaralary bilen geçirilen gepleşikleriň jemleýji tapgyrynyň netijesinde kabul edildi. Liganyň ýolbaşçysy Magomed Bibulatow saparyň we ýurduň sport edaralary bilen geçirilen gepleşikleriň ýaryşy geçirmek baradaky pikiri amaly taýdan durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredendigini aýtdy.
ACA guramasynyň Duşenbä dolanyp gelmegi şu güýzde liganyň halkara derejedäki iň möhüm wakalarynyň biri bolar. Ýaryşyň takyk senesi, geçiriljek ýeri we oňa gatnaşjak türgenleriň sanawy soňra mälim ediler. Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow hem öz wagtynda bu liganyň ýarym agyr agram derejesinde (93 kg) jedelsiz çempiony bolup, bu ady iki gezek üstünlikli gorapdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.