Türkmenistanda Entrust kompaniýasynyň resmi distribýutory bolan «Alaja Kenar» 24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2026» atly halkara sergä gatnaşýar. Kompaniýa serginiň çäginde Entrust-yň sanly şahsyýeti tassyklamak we maglumatlary goramak boýunça tehnologiýalaryny tanyşdyrýar.
Kompaniýanyň sergi meýdançasynda hödürleýän çözgütleri dört esasy ugry öz içine alýar. Olaryň hatarynda şahsyýet we töleg kartlaryny öndürmek, elektron sanly gol we açyk açar infrastrukturasyny (PKI) ulanmak, maglumatlary goramak we kriptografik açarlary dolandyrmak (HSM, şifrlemek), şeýle hem şahsyýeti barlamak we köp basgançakly tassyklama ulgamlary bar.
Serginiň dowamynda «Alaja Kenar» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda Entrust-yň önümleri we tehnologiýalary, olaryň mümkinçilikleri hem-de ýurtda sanly hyzmatlary ösdürmekde we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanylyş ugurlary barada maglumat berildi.
Hödürlenýän tehnologiýalar şahsyýetnamalary, gulluk rugsatnamalaryny we töleg kartlaryny goragly görnüşde taýýarlamaga, elektron resminamalaryň hakykylygyny we bitewüligini tassyklaýan sanly gol bilen tassyklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de olar kriptografik açarlary ygtybarly saklamak, maglumatlary şifrlemek, ulanyjylaryň şahsyýetini uzak aralykdan barlamak we köp basgançakly tassyklama arkaly ulgamlara girişi goramak üçin niýetlenendir.
Bu çözgütleriň döwlet edaralarynda, banklarda we hususy kompaniýalarda ulanylmagy şahsy maglumatlaryň goragyny güýçlendirmäge, kagyz resminamalarynyň dolanyşygyny azaltmaga, resminamalary tassyklamak işlerini çaltlaşdyrmaga hem-de raýatlar we müşderiler üçin sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge ýardam edip biler.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993 64 62 03 30
Elektron poçta: sales@ak-tm.com, info@ak-tm.com









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.