Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de halkara Winrock International guramasy ýurtda sanly başarnyklary ösdürmäge, innowasiýalary goldamaga we telekeçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze bilim başlangyjyna badalga berdiler.

«News Central Asia» neşiriniň habar bermegine görä, maksatnamanyň açylyş dabarasy Aşgabatdaky BMG-niň binasynda gibrid görnüşde geçirildi. Çärä ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, hususy pudagyň, ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtdan we welaýat merkezlerinden okuwa gatnaşjaklar gatnaşdylar.

«Innowasiýalar, tehnologiýalar we telekeçilik arkaly zenanlaryň hem-de erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek» atly taslama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmeginde durmuşa geçirilýän «Eksporta we söwda ýardam bermek üçin durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek» (ASSET) maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Okuwlary ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde guramak işine Türkmenistanyň «Maşgala» we «Ýeňme» jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşýar. Olar maksatnamanyň ilatyň giň gatlaklaryny, şol sanda sebitleriň ýaşaýjylaryny öz içine almagyna ýardam bererler.

2026-njy ýylyň dekabryndan 2027-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam etjek okuwlar garyşyk görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylar onlaýn sapaklar we ýüzbe-ýüz amaly okuwlar arkaly sanly sowatlylygyň esaslaryny, emeli aňyň amaly ulanylyşyny, häzirki zaman IT gurallaryny hem-de telekeçiligi alyp barmagyň ýörelgelerini öwrenerler.

Maksatnamada aýratyn üns goldawa mätäç ilat toparlaryna gönükdirilýär. Olaryň hatarynda maýyplygy bolan adamlar, çagalaryny ýeke terbiýeleýän ene-atalar, işsiz raýatlar we durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar bar.

Winrock International guramasynyň ASSET taslamasynyň tehniki direktory Olga DiPretoro hem-de BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň bellemegine görä, halkara tejribesiniň ýerli bilimler bilen utgaşdyrylmagy raýatlaryň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, täze girdeji çeşmelerini tapmaga we sanly ykdysadyýete işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döreder.

Okuw maksatnamasynyň jemleýji tapgyry hökmünde 2027-nji ýylyň martynda Aşgabatda Innowasiýalar we telekeçilik boýunça hakaton geçiriler. Onda tapawutlanan gatnaşyjylar öz işewürlik taslamalaryny bilermenlere hödürläp, mümkin bolan hyzmatdaşlary tapmaga we bäsleşigiň baýraklary ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik alarlar.