2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanadadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Ottawada ýerleşýän Rideau Hall köşgünde Kanadanyň General-gubernatory, Onuň Alyhezreti Louise Arboura ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň resmi jemgyýetçilik torunda habar berildi.
Ynanç hatyny gowşurmak dabarasyndan soň geçirilen söhbetdeşlikde ilçi Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny Kanadanyň General-gubernatoryna ýetirdi.
Louise Arbour bildirilen hoşallygyny beýan edip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda Kanadanyň General-gubernatory Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.