Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň iňlis dilini bilmek derejesi boýunça geçirilen halkara barlagyň netijeleri mälim edildi. «EF English Proficiency Index» indeksiniň 2026-njy ýyl üçin taýýarlanan hasabatyna görä, sebitiň bäş döwletiniň ählisinde iňlis dilini bilmek derejesi pes görkezijide hasaba alyndy. Bu barada «RG.ru» neşiri habar berýär.
117 ýurtdan 2,3 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen synaglaryň netijeleri esasynda düzülen sanawda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda birinji orny eýeledi. Ýurdumyz dünýä boýunça 71-nji basgançakda ýerleşdi.
Sebitiň beýleki ýurtlarynyň görkezijileri boýunça Gyrgyzystan 90-njy, Gazagystan 99-njy, Özbegistan 101-nji, Täjigistan bolsa 110-njy orny eýeledi.
Öňki sowet döwletleriniň arasynda iň ýokary netije Gruziýa degişli boldy. Ol umumy sanawda 32-nji orunda ýerleşdi. Ondan soňra Belarus 37-nji, Moldowa 39-njy, Ukraina 41-nji, Ermenistan 45-nji, Russiýa 49-njy, Azerbaýjan bolsa 85-nji orny eýeledi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.