Türkmenistan halkara magistral aragatnaşyk liniýalarynyň sanyny 11-e ýetirmegi we tranzit torunyň umumy geçirijilik kuwwatyny sekuntda 20 Tbit-e çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatlara ýetmekde Azerbaýjan bilen Hazar deňziniň düýbünden suwasty optiki süýümli aragatnaşyk liniýasyny çekmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu barada «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň baş direktory Hojanyýaz Awganow 25-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2026» atly halkara sergisinde we ylmy maslahatda eden çykyşynda mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, meýilleşdirilýän görkezijilere ýetmek üçin birnäçe infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň biri Azerbaýjan bilen bilelikde Hazar deňziniň düýbünden suwasty aragatnaşyk liniýasyny çekmek, oňa eýeçilik etmek we ony ulanmak boýunça alnyp barylýan işlerden ybaratdyr.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýokary tizlikli sanly aragatnaşyk geçelgesini döretmäge mümkinçilik berer.

Telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmäge gönükdirilen bu başlangyç, şeýle hem sebitiň sanly arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky halkara maglumat geçirijilik ugurlaryny ösdürmäge hyzmat eder.