Sanly hyzmatlaryň geriminiň giňelmegi bilen şahsyýetiň hakykylygyny tassyklamak, şahsy maglumatlary goramak we internet giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Türkmentel – 2026» halkara sergisinde «Alaja Kenar» kompaniýasy hut şu ugurlara degişli döwrebap tehnologiýalary tanyşdyrdy.
Türkmenistanda «Entrust» kompaniýasynyň resmi distribýutory bolan «Alaja Kenar» 24–26-njy noýabr aralygynda geçirilen sergä gatnaşdy. «Entrust» sanly şahsyýeti tassyklamak, maglumatlary goramak we elektron ynam tehnologiýalary boýunça çözgütleri hödürleýän halkara kompaniýalarynyň biridir.
Kompaniýanyň sergi diwarlygynda sanly şahsyýetiň döredilmeginden başlap, onuň bilen bagly maglumatlaryň goragyna çenli dürli tapgyrlary öz içine alýan tehnologiýalar görkezildi. Olar dört esasy ugur boýunça hödürlendi.
Birinji ugur şahsyýet we töleg kartlaryny öndürmek üçin çözgütleri öz içine aldy. Bu tehnologiýalar goragly şahsyýetnamalary, işgärleriň giriş rugsatnamalaryny we bank kartlaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Ikinji ugur elektron sanly gol we açyk açarlar infrastrukturasyna (PKI) degişli boldy. Bu çözgütler resminamalara uzak aralykdan gol çekmäge, olaryň hakykylygyny we üýtgedilmändigini tassyklamaga ýardam berýär.
Üçünji ugur maglumatlary goramak we kriptografiki açarlary dolandyrmak ulgamlary bilen baglanyşyklydyr. Enjamlaýyn howpsuzlyk modullaryny (HSM) hem-de şifrleme tehnologiýalaryny öz içine alýan bu çözgütler möhüm maglumatlaryň ygtybarly saklanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dördünji ugur bolsa şahsyýeti uzak aralykdan barlamak we köp faktorly autentifikasiýa tehnologiýalaryny öz içine aldy. Bu gurallar sanly ulgamlara rugsatsyz girilmeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Serginiň çäklerinde «Alaja Kenar» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda «Entrust» önümleriniň tehniki mümkinçilikleri we olaryň Türkmenistanda sanly hyzmatlary ösdürmekde, maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hödürlenen çözgütleriň döwlet edaralarynda, banklarda we hususy kärhanalarda ornaşdyrylmagy şahsy maglumatlaryň goragyny güýçlendirmäge, kagyz resminama dolanyşygyny azaltmaga, resminamalary tassyklamak we ylalaşmak işlerini çaltlandyrmaga mümkinçilik döredýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.