2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry aralygynda Astrahanda geçirilýän IV halkara «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi forumynda Tatarystandan Türkmenistana, soňra bolsa Owganystana uzaýan halkara ulag geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürüldi.
Hazarýaka sebitleriniň, Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Pars aýlagynyň ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň we logistika pudagynyň 300-den gowrak wekili gatnaşýan forumda «Halkara yslam ulag geçelgesi» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýada Owganystanyň ilçisi Hassan Gul Hassan bu başlangyjy goldap, onuň Russiýa, Türkmenistan we Owganystan arasynda ýük daşamalaryny yzygiderli ýola goýmakdaky ähmiýetini belledi.
Owganystandaky Russiýanyň Işewürlik merkeziniň ýolbaşçysy Rustam Habibullin hem taslamany goldady. Onuň bellemegine görä, Türkmenistandan geçýän yzygiderli ulag ugrunyň döredilmegi ýükleri diňe bir gezeklik ibermekden uzak möhletleýin logistika ulgamyna geçmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ýol ýükleriň eltilýän möhletlerini we çykdajylaryny öňünden kesgitlemäge, uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga şert döreder.
Forumyň çäklerinde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri we Ýewraziýanyň beýleki ulag ugurlary bilen arabaglanyşygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň aýtmagyna görä, bu geçelge Ýewraziýanyň täze ulag düzüminiň möhüm bölekleriniň biridir. Ol yklymyň demirgazygyny Pars aýlagynyň, Hindi ummanynyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Afrikanyň bazarlary bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de ol sebitdäki infrastruktura taslamalarynyň, şol sanda Reşt — Astara demir ýol böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini nygtady.
Eýranyň Astrahandaky baş konsuly Ahmad Heýdarian «Demirgazyk — Günorta» geçelgesiniň Russiýa, Eýran we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin esasy söwda ýollarynyň biri bolup galýandygyny belläp, onuň infrastrukturasyna maýa goýumlaryny gönükdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi Alekseý Borodawkin bolsa geçelgede ýöriteleşdirilen logistika operatoryny döretmek meselesiniň öwrenilýändigini habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, soňky bäş ýylda «Demirgazyk — Günorta» geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň möçberi üçden bir esse artyp, 2025-nji ýylda 21,5 million tonna ýetdi.
Diplomat geçelgäniň gündogar şahasynyň mümkinçiliklerine hem ünsi çekdi. Ol dürli ulag ugurlarynyň özara sazlaşykly işlemegi üçin resminamalary sanlylaşdyrmagyň, serhet geçelgelerinde amallaryň öňünden çaklap bolmagyny üpjün etmegiň we bitewi hyzmatlary ýola goýmagyň möhümdigini belledi.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.