Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän «Amul — Hazar» atly ýörişi dowam edýär. Gadymy Amuldan badalga alan taryhy ýörişe gatnaşyjylar häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde hereket edip, ýol ugrunda guralýan düşelgelerde mähirli garşylanýar.
Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýynda ýörişe gatnaşyjylar üçin ýedinji düşelge guraldy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine atlanyp gelen 35 sany atly ýigit dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Ýörişe gatnaşyjylar Nowruz ýaýlasynyň gözel tebigatynyň arasynda guralan dabaralara gatnaşdylar. Bu künjek 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamasy bilen «Nowruz ýaýlasy» diýlip atlandyryldy. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ýerde «Türkmeniň ak öýi» binasy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu meýdança Halkara Nowruz gününi we Milli bahar baýramyny giňden bellemek üçin esasy dabaraly ýerlere öwrüldi.
Jemi 35 atly ýigidiň gatnaşmagyndaky «Amul — Hazar» ýörişiniň umumy uzynlygy 1 müň 755 kilometre deň bolar. Taryhy ýörişiň ahyrky menzili Hazar deňziniň kenaryndaky ajaýyp Awaza bolar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.