Puerto-Rikodan 27 ýaşly Jennifer Barreto «Älem gözeli — 2026» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. 75-nji gezek geçirilen bu bäsleşik Puerto-Rikonyň paýtagty San-Huan şäherinde guraldy.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 116 wekiliň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigiň netijesinde Jennifer Barreto baş baýragyň eýesi boldy. Bu barada bäsleşigiň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.

Jennifer Barreto gözellik bäsleşiginiň taryhynda ýedi ýaşly Penelopa atly gyzy bolan ilkinji ýeňiji hökmünde hem tapawutlandy. Ol ylmy psihologiýa ugry boýunça bakalawr, kliniki durmuş işi ugry boýunça bolsa magistr derejesini aldy. 2023-nji ýylda öňüni alyş boýunça hünärmen derejesine eýe boldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ikinji orun, ýagny wise-miss derejesi Dominikan Respublikasynyň wekili Melisa Nunes, Wenesuelanyň wekili Klara Wegas, Filippinleriň wekili Bea Millan-Windorski we Täze Zelandiýanyň wekili Jorjiýa Waddington arasynda paýlaşyldy.