Braziliýanyň günortasyndaky Balneário-Kamboriu şäherinde gurulýan «Senna Tower» gökdiräniniň gurluşygynda möhüm tapgyr tamamlandy. Geljekde dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaý binasy bolmagyna garaşylýan desganyň sütünli binýadynyň gurluşyk işleri üstünlikli ýerine ýetirildi.
Taslama ýolbaşçylyk edýän «Talls Solutions» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, gurluşyk inženeri Stefan Domenini bu barada habar berdi.
Taslamanyň çäginde binanyň esasy binýat plitasynyň aşagynda diametri 60 santimetr, uzynlygy 27 metrden 44,5 metre çenli bolan jemi 798 sany burawlanan sütün oturdyldy. Olar gaýaly gatlaga çenli çuňlaşdyryldy. Indiki tapgyrda gurluşykçylar demir-beton binýat plitasyny gurmaga girişerler. Bu plita binanyň ýerüsti böleginiň agramyny deň paýlamaga hyzmat eder.
Desganyň beýikliginiň 550 metrden geçmegine garaşylýar. Şeýlelikde, ol Nýu-Ýork şäherindäki beýikligi takmynan 541 metre deň bolan «One World Trade Center» binasyndan hem belent bolup, dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaý gökdiränine öwrüler.
Binýadyň gurluşygynyň tamamlanmagyndan öň dört ýyldan gowrak wagtlap ylmy-barlag işleri, şeýle hem giň gerimli synaglar we tehniki barlaglar geçirildi. Bu işler «Talls Solutions» kompaniýasy, Braziliýanyň «FG Empreendimentos» gurluşyk kärhanasy hem-de degişli ugur boýunça çekilen hünärmenler bilen bilelikde alnyp baryldy.
«Senna Tower» dünýäniň dürli ýurtlarynda durmuşa geçirilýän örän beýik gökdirän taslamalarynyň hataryna girýär. Şolaryň arasynda Saud Arabystanynda gurulýan «Jeddah Tower» binasy hem bar. Onuň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslamanyň beýikliginiň bir kilometrden geçmegine garaşylýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.