Sanly howpsuzlyk ulgamynda iş alyp barýan «NordPass» kompaniýasynyň täze hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýäde iň köp ulanylýan parollaryň hatarynda ýönekeý san yzygiderlilikleri we umumy ulanylýan gulluk sözleri öňdeligi eýeleýär. Olaryň arasynda «123456», «12345678» hem-de «admin» parollary bar.
Hasabata laýyklykda, «123456» alty sanly yzygiderliligi soňky sekiz ýylyň dowamynda ýedi gezek dünýäde iň köp ulanylýan parol hökmünde hasaba alnypdyr. Bu parol 7,2 milliondan gowrak gezek ulanylypdyr. Sanawyň ikinji ornunda 4,5 million gezek ulanylan «admin» sözi, üçünji ornunda bolsa üç milliona golaý gezek hasaba alnan «12345678» paroly ýerleşýär.
Hünärmenler ulanyjylaryň arasynda aňsat çaklanylýan san yzygiderlilikleriniň we ýönekeý sözleriň heniz hem giňden ýaýrandygyny belleýärler. Iň köp ulanylýan parollaryň ilkinji onlugyna iňlis dilindäki «password» sözi hem girip, ol ýedinji orny eýeläpdir.
Barlag 44 ýurdy öz içine alyp, 2025-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli döwürde internetden we açyk maglumat çeşmelerinden alnan maglumatlaryň seljermesine esaslanypdyr.
Hünärmenler şeýle ýönekeý parollaryň ulanylmagynyň şahsy maglumatlaryň howpsuzlygyna howp salyp biljekdigini duýdurýarlar. Şonuň üçin has çylşyrymly, gaýtalanmaýan parollary ulanmak we dürli hasaplar üçin aýratyn parol saýlamak maslahat berilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.