Hytaý 25-nji noýabrda ekipažly «Shenzhou-24» kosmos gämisini üstünlikli uçuryp, ony bellenilen orbita çykardy. Kosmos gämisi ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Szýusýuan kosmodromyndan uçuryldy. Bu barada CCTV+ teleýaýlymy habar berýär.

Pekin wagty bilen sagat 08:18-de «Long March-2F» göteriji raketasynyň kömegi bilen amala aşyrylan uçuşdan takmynan on minut geçenden soň, gämi raketadan aýrylyp, bellenilen orbita çykdy. Indi ol Hytaýyň «Tiangong» kosmos stansiýasyna birikmäge taýýarlanýar.

Ekipažyň düzümine missiýanyň serkerdesi Tang Hongbo, bort inženeri Wu Ýi we peýdaly ýük boýunça pakistanly hünärmen Muhammad Zeýşan Ali girýär. Kosmos gämisiniň orbita üstünlikli çykarylandygy baradaky maglumat Szýusýuan kosmodromynyň wekili Li Bensi tarapyndan tassyklanyldy.

«Shenzhou-24» kosmos gämisi stansiýanyň «Tianhe» atly esasy modulyna çalt we awtomatik usulda biriger.

Bu uçuş Hytaýyň ekipažly kosmos maksatnamasynyň taryhynda hytaýly we daşary ýurtly hünärmenleriň bilelikde gatnaşýan ilkinji kosmos missiýasy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Pakistanly kosmos hünärmeni ekipaž çalşygynyň çäklerinde Hytaýyň kosmos stansiýasynda gysga wagt bolandan soň, «Shenzhou-23» gämisinde Ýere dolanar. Şol bir wagtyň özünde, «Shenzhou-23» missiýasynyň ekipaž agzalarynyň biri Çžu Ýançžu orbitada bir ýyllyk iş möhletini tamamlamak üçin «Tiangong» stansiýasynda galýar. Bu döwür öňki «Shenzhou» missiýalarynyň adaty dowamlylygyndan iki esse uzakdyr.