2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Müsüriň paýtagty Kairiň etegindäki esasy awtomobil ýollarynyň birinde benzin daşaýan ulagyň heläkçilige uçramagy uly ýangyna sebäp boldy. Ýurtda degişli edaralaryň habar bermegine görä, betbagtçylyk zerarly azyndan 31 adam aradan çykdy, ýene 21 adam şikes aldy.
Betbagtçylyk Kairi gurşap alýan Aýlaw ýolunyň Giza welaýatynyň ilat köp ýaşaýan Warak etrabynyň üstünden geçýän böleginde bolup geçdi. Müsüriň Nebit ministrliginiň maglumatyna görä, hususy kompaniýa degişli bolan we nebit önümlerini daşaýan ulag ýoldan çykyp, heläkçilige uçrady hem-de partlady.
Ýangynyň netijesinde 20-den gowrak awtoulag we motosikl doly ýandy. Wakanyň bolan ýerine gelen halas edijiler ot alan ulaglaryň içinden adamlary çykarmaga synanyşdylar. Ýangyn söndürijiler bolsa alawyň töwerege ýaýramagynyň öňüni almak üçin göreşdiler.
Müsüriň Saglygy goraýyş ministri Halid Abdel Gaffar şikes alanlaryň golaýdaky hassahanalara ýerleşdirilendigini habar berdi. Şeýle-de ol pidalaryň sanynyň deslapky maglumatdygyny we onuň artmagynyň mümkindigini belledi.
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi aradan çykanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi hem-de heläkçilikden ejir çekenlere we olaryň maşgalalaryna zerur kömegiň berilmegini tabşyrdy. Ýurtdaky Baş prokuratura bolsa aradan çykanlaryň şahsyýetini anyklamak üçin DNK barlaglarynyň geçirilýändigini mälim etdi.
Aýlaw ýoly Kair, Giza we Kalyubiýa welaýatlaryny birleşdirýän esasy ulag geçelgeleriniň biridir. Bu sebitlerde 10 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Müsürde ýol-ulag hadysalary her ýyl müňlerçe adamyň ömrüne kast edýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.