Russiýada geçirilen barlagyň netijelerine görä, «Alisa AI» emeli aň ulgamy hünär işlerinde iň köp ulanylýan sanly gurala öwrüldi. NAFI seljeriş merkeziniň geçiren soraşygyna gatnaşan hünärmenleriň 80 göterimi bu ulgamdan peýdalanýandygyny aýdypdyr. «ChatGPT» ulgamyny ulanýanlaryň paýy bolsa 67 göterime deň bolupdyr.
Ulanylyş derejesi boýunça ilkinji bäşlige «GigaChat» (58 göterim), Hytaýyň «DeepSeek» (41 göterim) hem-de «Google Gemini» (33 göterim) ulgamlary hem giripdir.
Barlagda hünärmenleriň köpüsiniň diňe bir emeli aň serişdesi bilen çäklenmeýändigi anyklanyldy. Soraşylanlaryň 87 göterimi ýerine ýetirmeli işiniň aýratynlygyna görä birnäçe ulgamy utgaşykly ulanýar. Gatnaşyjylaryň 62 göterimi bolsa gündelik işleriniň esasy böleginde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanýar.
Barlagyň maglumatlaryna görä, dürli emeli aň ulgamlarynyň ulanylyş ugurlary hem tapawutlanýar. «Alisa AI» bilim almakda we tekst taýýarlamakda, «ChatGPT» çylşyrymly maglumatlary seljermekde hem-de programmirlemekde, «GigaChat» bolsa şekil, wideo we ses ýazgylaryny döretmekde ulanylýar.
Hünär ugurlary boýunça hem belli bir aýratynlyklar ýüze çykypdyr. Maglumat tehnologiýalary pudagynyň hünärmenleri köplenç «ChatGPT»-ni saýlaýan bolsalar, media we marketing ulgamynyň işgärleriniň arasynda «DeepSeek» has köp ulanylýar. Umuman, öwrenilen 11 pudagyň ýedisinde «Alisa AI» ulgamynyň ulanylyş derejesi ýokary bolupdyr.
Soňky alty aýyň dowamynda emeli aň tehnologiýalary synag üçin ulanylýan serişdelerden gündelik işleriň aýrylmaz bölegine öwrülip başlapdyr. Soraşylan hünärmenleriň 73 göterimi soňky döwürde emeli aň ulgamlaryndan has ýygy peýdalanýandygyny belläpdir. Ýolbaşçylaryň ýarysyndan gowragy bolsa bu tehnologiýalary her gün diýen ýaly ulanýar.
Barlagyň netijeleri häzirki zaman hünärmenleri üçin dürli emeli aň ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak başarnygynyň barha ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär. Şeýle gurallar ylym-bilimden başlap, işewürlik we mahabat ýaly ugurlara çenli dürli pudaklarda gündelik işleri çalt we netijeli ýerine ýetirmäge ýardam berýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.