
Çagalykda diňlän ertekilerimiziň gahrymany bolan tylla balyk häzir hem göwnümize bolmasa, üç sany arzuwyňy hasyl edäýjek gudrat ýaly bolup görünýär. Megerem, şonuň üçindir, bu täsin balyk hakyndaky islendik maglumat biziň üçin gyzykly. Karplar maşgalasyna degişli bolan altyn balyklar asyrlaryň dowamynda seleksiýa arkaly ösüp-örňeýärler. Olaryň ýabany görnüşleri häzir hem Gündogar Aziýanyň çägindäki deňiz-derýalarda ýaşaýarlar. Häzirki zaman altyn balyklarynyň ählisi Hytaýyň süýji suw howdanlarynda ýaşaýan tylla karasdan («Carassius auratus») gelip çykýar. Bu balyklaryň seleksiýa arkaly köpeldilmegi öz gözbaşyny, takmynan, X asyrda hytaý imperatorynda täsin keşbe eýe bolan balyjaklary köpeltmek isleginiň dörän wagtyndan alyp gaýdýar. Iň gyzykly ýeri, ilkinji altyn balyklar sary we mämişi reňkde bolupdyr. Şol döwürde bu reňkler gülläp ösüşiň, bolçulygyň nyşany hasaplanypdyr. Häzirki wagtda altyn balyklaryň ýabany nesilleri tebigatda ýaşamagyny dowam etdirýärler. Olar Hytaýyň, Koreýanyň we Ýaponiýanyň asuda we haýal akýan suwlarynda ýaşaýarlar. Ihtiologiýa institutynyň geçiren barlaglaryna görä, ýabany karaslaryň populýasiýalary daşky gurşawyň dürli täsirlerine duçar bolmagyna garamazdan, durnukly bolmagynda galýar. Altyn balyklar ondan-oňa göçüp ýörmän, belli bir ýerde ýaşamagy gowy görýärler. Olar dürli görnüşli suw howdanlarynda, süýji suwly köllerde, köne howuzlarda we bentlerde, haýal akýan derýalarda duş gelýärler. Altyn balyklaryň ýaşaýan ýerlerinde ösümlikleriň we gaçybatalgalaryň bolmagy möhümdir. Ýabany altyn balyklar köplenç suwasty ösümlikleriň ösýän ýerlerine golaýda ýaşap, olardan iýmitlenýärler we ýyrtyjylardan goranýarlar. Bu balyklaryň tebigy gurşawyndaky ýylylygy 4-den 30 dereje aralygynda üýtgeýär, bu bolsa, öz gezeginde altyn balyklary gaty çydamly edýär. Eger öýünde ertekilerde gürrüňi edilýän tylla balyklary saklamak isleýänler bar bolsa, olara şeýleräk maslahatlary bermek bolar: — Akwariumyň göwrümi her balyk üçin azyndan 50 litr bolmaly; — Suw gowy süzülip, arassalanmaly we yzygiderli çalşyrylmaly; — Suwuň ýylylygy 18 — 24 derejede saklanmaly; — Balyklaryň iýmiti üçin ýeterlik ösümlikleri we buky ýerleri üpjün etmeli. Tebigatda altyn balyklaryň ömri 10 — 15 ýyla ýetýär, ýöne has gowy şertlerde olar 20 ýyla çenli ýaşaýarlar. Altyn balyklaryň esasy iýmiti suwotulardan, kiçi oňurgasyzlardan, mör-möjekleriň liçinkalaryndan ybaratdyr. Görnüşi ýaly, altyn balyklar dürli ýaşaýyş şertlerine üstünlikli uýgunlaşýarlar.
Keywords